Türkmenistan we Täjigistan 19 sany hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdiler

Türkmenistan we Täjigistan 19 sany hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriniň çäklerinde iki ýurduň arasynda syýasy, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlar boýunça 19 sany resminama gol çekildi. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşiklerde iki döwletiň Baştutanlary senagat we transport pudaklarynda bar bolan giň mümkinçilikleriň ulanylmagy, Türkmenistanyň territoriýasyndan demir ýol we awtoulag ýoly arkaly halkara ýük gatnawynyň artdyrylmagy, “Türkmenbaşy” halkara deňiz portunyň Täjigistanyň üstaşyr ýükleri üçin logistika merkezi hökmünde ulanylmagy iki tarapyň hem bähbidine bolar diýip bellediler.

Prezidentler ulag-kommunikasiýa ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýurtlaryň we sebitleriň arasynda halkara söwdany ösdürmek üçin örän möhüm ähmiýete eýedigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň, ulag hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň we iki ýurduň arasynda we olaryň çäkleri boýunça üstaşyr gatnawlary amala aşyrýan ulaglaryň ähli görnüşleriniň işlemegi üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigi bellenildi.

Syýasy, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin 2023-nji ýyla çenli Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara meýilnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýakyn iki ýylda söwdany giňeltmek üçin “Ýol kartasyny” düzmek zerur hasaplanyldy.

Şeýlelik bilen, gepleşikleriň jemi boýunça taraplar Täjigistan we Türkmenistan hökümetleriniň arasynda harytlary we ýolagçy gatnawlary üstaşyr geçirmek, şeýle hem nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny daşamak, syýahatçylyk syýasaty, demir ýol ugurlary, önümçilik, medeniýet we sungat ulgamy boýunça şertnamalara gol çekdiler.

“Şu günki gepleşiklerimizde Strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary we ony ösdürmegiň geljegini jikme-jik gözden geçirdik. Şu nukdaýnazardan, şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň, esasan hem söwda we ykdysady ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzyň kanuny esaslaryny ep-esli derejede doldurýandygynyň ähmiýetini belläsim gelýär” diýip, Täjigistanyň Prezidenti soňky metbugat ýygnagynda aýtdy.

Iki döwletiň Baştutanlary Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler we Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly we ygtybarly bolmagy iki ýurduň halklarynyň wajyp we uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine, şeýle hem sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm faktor bolup hyzmat edýändigine ynam bildirdiler.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 3-nji awgustda, Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi.

(Suratlar: Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022