Lebaply telekeçiler $730 müňden gowrak senagat önümlerini eksport etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçiler $730 müňden gowrak senagat önümlerini eksport etdiler
Iň köp girdeji getiren harytlaryň hatarynda suwuk bitum mastikasy bardyr.

Lebap welaýatynyň hususy kärhanalary 2022-nji ýylyň iki aýynda 731 müň ABŞ dollaryndan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler.

Eksporta ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, akkumulýator batareýalary, geýim-gejimlik nah pagta, senagat garyndy suwuklygy we nah mata pamygy agdyklyk edýär. Welaýatyň telekeçileriniň öndüren önümleri esasan Özbegistan, Türkiýe, Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri we Hytaý döwletlerine iberildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Iň köp girdeji getiren harytlaryň hatarynda suwuk bitum mastikasy bardyr. Bellenilişi ýaly, “Mizemez gadam” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän bu önüminiň 1 müň 352 tonnasynyň, ýagny 323 müň 200 ABŞ dollaryna golaýynyň eksport edilmegi, öndürilýän bu önümiň hiliniň ýokarydygyna, onuň daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurduň sebitlerini ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary ösdürmek, hyzmatlar ulgamyny giňeltmek we goşmaça iş orunlaryny döretmek hökümetiň möhüm meseleleriniň biridigini belledi.

2022