Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek üçin käbir kanunlar kämilleşdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek üçin käbir kanunlar kämilleşdiriler
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça işleri yzygiderli alyp bararys diýdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Milli Geňeşiň agzalary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ykdysady, telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Gümrük we “Salgytlar hakyndaky” bitewi kanunlar ýaly kanunçylyk namalaryny, maýa goýum işini düzgünleşdirýän kanunlary we beýleki kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Depginli ösýän bazar gatnaşyklary şertlerinde ýurdumyzyň sebitleriniň täze üpjünçilik ulgamlary döredilýär, telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, importyň ornuny tutýan önümleri artdyrmak boýunça işler çaltlandyrylýar diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şoňa görä-de, ykdysady we senagat zolaklaryny döretmek, olaryň netijeli işlemegini gazanmak üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýaly, möhüm ugurlara uly ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi.

“Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, biz, elbetde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam ederis, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça işleri yzygiderli alyp bararys” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýeti yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurduň sebitlerini ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary ösdürmek, hyzmatlar ulgamyny giňeltmek we goşmaça iş orunlaryny döretmek hem möhüm wezipelerdir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow ilat üçin elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak örän möhüm meseleleriň biridigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022