Türkmenistandan BAE-ne we Germaniýa howa gatnawlary gaýtadan dowam eder

Türkmenistandan BAE-ne we Germaniýa howa gatnawlary gaýtadan dowam eder
Türkmenistandan Frankfurta howa gatnawlary hepdede bir gezek ýola goýlar. (Surat: TJDarmstadt CC)

Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisiniň barşynda dünýäde COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygyny göz öňüne tutup, Türkmenistandan Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherine howa gatnawlaryny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly, ýola goýmak teklip edildi.

Türkmenistanyň resmi mediýasynyň habar bermegine görä, bu baradaky teklibi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow makullady.

Şeýle hem, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüminiň şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanjakdygy habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz halkyň saglygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly ýurtda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda 25-nji maýdan başlap içerki adaty howa gatnawlary gaýtadan ýola goýlar.

2022