Türkmen-özbek söwda dolanyşygy ilkinji dört aýda $254,5 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy ilkinji dört aýda $254,5 milliona deň boldy
Özbegistanyň 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda daşary söwda dolanyşygy 17 milliard 160 million ABŞ dollaryndan geçdi. (Surat: railway.uz)

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 254 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3% peseldi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan eden importy 205 million 300 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 49 million 200 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi.

Özbegistanyň 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda daşary söwda dolanyşygy 17 milliard 160 million ABŞ dollaryndan geçip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 milliard 500 million ABŞ dollary ýa-da 61,2% ýokarlandy.

Şu ýylyň ilkinji dört aýynda Özbegistanyň iň köp söwda eden ýurdy Hytaý boldy. Iki ýurduň arasyndaky döwda dolanyşygy 3 milliard 100 million ABŞ dollaryndan geçdi. Özbegistanyň importy 2 milliard 300 million ABŞ dollaryna, eksporty bolsa 826 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($2,5 milliarddan gowrak), Gazagystan ($1,4 milliarddan gowrak), Türkiýe ($1,15 milliarddan gowrak), Günorta Koreýa ($912,1 million), Germaniýa ($452,1 million),Gyrgyzystan ($323,2 million), Owganystan ($238,9 million) we Hindistan ($211,4 million) girdi.

2021-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 881 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarlandy.

2022