Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 2021-nji ýylda 60%-e golaý artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 2021-nji ýylda 60%-e golaý artdy
2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 881 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 2021-nji ýylda 690 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 59,7% ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň penşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berilýär.

Türkmenistan 2020-nji ýylda Özbegistana umumy möçberi 412 million 100 müň ABŞ dollaryna deň bolan önüm eksport etdi.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň bolup, bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan Özbegistanyň ýedinji uly söwda hyzmatdaşydyr.

Özbegistanyň Türkmenistana eksporty 2021-nji ýylda 191 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 65,9% ýokarydyr.

Ýurduň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, Özbegistanyň 2021-nji ýylda daşary söwda dolanyşygy 42 milliard 100 million ABŞ dollaryna ýetip, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5 milliard 800 million ABŞ dollary ýa-da 16% ýokarlandy.

2021-nji ýylda Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($7,5 milliarddan gowrak), Hytaý ($7,4 milliarddan gowrak), Gazagystan ($3,9 milliarddan gowrak), Türkiýe ($3,4 milliarddan gowrak), Günorta Koreýa ($1,9 milliarddan gowrak), Gyrgyzystan ($952,6 million), Germaniýa ($762,7 million), Ukraina ($704 million) we Owganystan ($655,6 million) girdi.

2020-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 538,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022