Türkmenistanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan 2023-2023-nji okuw ýyly üçin mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlarynyň onlarçasy müşderilere hyzmat edip başlady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, mekdep bazarlary birnäçe ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynda gurnalyp, sentýabr aýynyň başyna çenli dowam edip gelýär.
Ýöriteleşdirilen “Mekdep bazarlarynda” Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we türkmen telekeçileriniň önümleri agdyklyk edýär. Ýaşyl we ak köýnekler, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir gündelikler we beýleki mekdep esbaplary bu bazarlaryň esasy harytlary bolup durýar.
Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän okuw esbaplary diňe bir ýokary hilliligi bilen tapawutlanman, eýsem, özüniň elýeterliligi bilen hem sarp edijileriň ünsüni özüne çekýär.