Aşgabat şäher häkimligi paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça Russiýanyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşar.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Resminama laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkunyň döwrebap täzelenmegi “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň serişdeleriniň hasabyna we tölegsiz esasda amala aşyrar.
Kararda gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we ony Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň maý aýynda doly tamamlamak bellenildi.
“Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda açyldy.