Ermenistan türkmen gazyny we elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmäge taýýardygyny aýtdy

BIZNES TURKMENISTAN
Ermenistan türkmen gazyny we elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmäge taýýardygyny aýtdy
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, Ermenistanyň Araçäk dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan ýolbaşçylyk etdi.

Ermenistan türkmen gazyny we elektrik energiýasyny Eýranyň infrastrukturasy arkaly üstaşyr geçirmäge taýýar diýip, Ermenistan Respublikasynyň Araçäk dolandyryş we infrastruktura ministriniň orunbasary Akop Wardanýan sişenbe güni Aşgabatda geçirlen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisinde mälim etdi. Bu barada Turkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, Ermenistanyň Araçäk dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ermenistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Armen Aýwazýan Ermenistanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agzasydygyny we Ýewropa ýurtlar bilen erkin söwda şertnamalarynyň bardygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Armen Aýwazýan türkmen kompaniýalaryny özara söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga we eksport-import edilýän hartylaryň görnüşlerini giňeltmäge çagyrdy.

Taraplar oba hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Armen Aýwazýan miweleri we gök önümleri ýygnamaga, gaplamaga we saklamaga, dürli ýurtlara eksport etmäge, şeýle hem oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemäge we gaplanan gök önümleri, miweleri öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginiň özara bähbitli boljakdygyny  aýtdy.

Taraplar işewür toparlarynyň gatnaşmagynda duşuşyklary gurnamak arkaly iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberini artdyrmaga we eksport edilýän harytlaryň görnüşini giňeltmäge ýardam bermek barada ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022