Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Taraplar işewür toparlarynyň gatnaşmagynda duşuşyklary gurnamak arkaly iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberini artdyrmaga we eksport edilýän harytlaryň görnüşini giňeltmäge ýardam etmek barada ylalaşdylar.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, Ermenistanyň Araçäk dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan we iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we işewür guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Mejlisiň dowamynda, iki ýurduň arasynda bar bolan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseleler ara alnyp maşlahatlaşyldy.
Taraplar, Türkmenistanyň nebit-gaz, oba hojalygy, azyk we dokma senagatyndan Ermenistana önümleriň eksport edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine we pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyny bellediler.
Ermenistanyň Milli statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda ermeni-türkmen söwda dolanyşygynyň möçberi 11 million 526 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, Gnel Sanosýan Türkmenistanyň resmi metbugat beýanatynda belledi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisiniň netijesinde degişli Teswirnama gol çekildi.