Ýanwar-Awgust: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 9 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-Awgust: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 9 milliard manatdan geçdi
Degişli döwürde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 8 milliard 441 million 42 müň 170 manada deň boldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 9 milliard 23 million 507 müň 941 manada barabar boldy.

Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, degişli döwürde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 8 milliard 441 million 42 müň 170 manada deň boldy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 382 million 653 müň 995 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 9 million 489 müň 430 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 171 million 637 müň 585 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 970 müň 489 manada deň boldy.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 17 million 714 müň 272 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ozal habar berşi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 7 milliard 575 million 240 müň 986 manada barabar boldy.

 

2022