Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40,7% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40,7% artdy
Jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,9% ýokarlandy.

Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40,7% ýokarlandy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.

Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda jemi öndürilen önümiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,9% ýokarlandygyny habar berdi.

2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5% köpeldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şu ýylyň dokuz aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan ýurduň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda jemi içerki önüm 6,2% ýokarlandygyny, şeýle-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak babatda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022