“Lebapgazçykaryş” 9 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” 9 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi
“Lebapgazçykaryş” müdirligi şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda gaz kondensatynyň 34,4 müň tonnadan gowragyny öndürdi

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan şu ýylyň geçen dokuz aýynda tebigy gazyň 9 milliard kubmetrden gowragy gazylyp alyndy. Şeýlelikde, meýilnama 128,3% ýerine ýetirildi.

Şeýle-de geçen aýlarda “Lebapgazçykaryş” müdirligi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň 34,4 müň tonnadan gowragyny öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Lebapgazçykaryş” müdirligi 2022-nji ýylyň birnji çärýeginde mawy ýangyjyň 2 milliard kubmetrden gowragyny Hytaýa eksport etdi.

Geçen ýyl müdirlik tarapyndan 12 milliard 400 million kubmetr tebigy gaz öndürildi.

2022