“Lebapgazçykaryş” 12 milliard kubmetrden gowrak “mawy ýangyç” öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” 12 milliard kubmetrden gowrak “mawy ýangyç” öndürdi
“Lebapgazçykaryş” müdirligi 2021-nji ýyl boýunça tebigy gaz önümçilik meýilnamasyny 134% ýerine ýetirdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan geçen 2021-nji ýylda “mawy ýangyjyň” 12 milliard 400 million kubmetri gazylyp alyndy. Bu baradaky meýilnama 134% ýerine ýetirildi.

Şeýle-de geçen ýyl Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) gaz kondensatynyň 47 müň 300 tonnadan gowragyny öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Ymambabanebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň hünärmenleri “Demirgazyk Derwüş” meýdançasynda çuňlugy 3 müň 200 metre barabar bolan gözleg-barlag guýusyny burawlap başladylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu ýerdäki gaz ätiýaçlyklary 30 milliard kubmetre barabardyr.

Mundan başga-da, “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň  hünärmenleri “Malaý” gaz käninde çuňlugy 4 müň metre deň bolan iki sany guýyny burawlap başladylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň möçberi 126 milliard kubmetr artdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022