Azerbaýjan 42,8 müň tonnadan gowrak türkmen benzinini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan 42,8 müň tonnadan gowrak türkmen benzinini import etdi
Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanyň Azerbaýjana AI-92 görnüşli awtoulag benzininiň eksporty 49,6 million ABŞ dollaryna golaýlady.

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjana 42,83 müň tonnadan gowrak AI-92 awtoulag benzinini eksport etdi. Bu barada geçen hepde “Interfaks-Azerbaýjan” agentligi Azerbaýjanyň hökümetine salgylanyp habar berdi.

Degişli döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana AI-92 görnüşli awtoulag benzininiň eksporty 49,6 million ABŞ dollaryna golaýlady. Şeýlelik-de Türkmenistan Azerbaýjany Russiýadan soň ikinji iri ýangyç bilen üpjün ediji döwlet boldy.

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda 198,79 müň tonna AI-92 awtoulag benzinini import etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,8 esse köpdir.

AI-92 görnüşli benziniň importynyň möçberi 223,45 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 93,6 esse artdy.

Şeýlelikde, AI-92 görnüşli benziniň umumy importynyň 73,5%-i ýa-da 150 müň tonnasy (166,6 million ABŞ dollaryndan gowragy) Russiýanyň paýyna düşdi.

Bu benziniň galan bölegi Gazagystandan (4 million ABŞ dollaryna deň bolan 3,5 müň tonna) we Rumyniýadan (3,25 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan 2,42 müň tonna) import edildi.

AI-92 görnüşli benzin Azerbaýjanyň Heýdar Aliýew adyndaky Baku zawodynda öndürilýär. Bu zawodda 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinden bäri abatlaýyş işleri geçirilýär.

Azerbaýjanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen, AI-95 we AI-92 görnüşli benzini import etmek üçin gümrük paçlary 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli 15%-den 0%-e çenli kemeldildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022