Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 10 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 10 milliard manatdan geçdi
“Halkbank terminal” ulgamy arkaly 19 million 139 müň 859 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 10 milliard 305 million 967 müň 364 manada barabar boldy.

Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, degişli döwürde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 9 milliard 650 million 261 müň 16 manada deň boldy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 428 million 686 müň 873 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 10 million 420 müň 871 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 196 million 188 müň 557 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 270 müň 188 manada deň boldy.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 19 million 139 müň 859 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ozal habar berşi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 9 milliard 23 million 507 müň 941 manada barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022