Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çäreleriniň Strategiýasy tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çäreleriniň Strategiýasy tassyklandy
D witamini bedende birnäçe funksiýany ýerine ýetirip, sagdyn süňkleri we dişleri saklamaga, sagdyn immun ulgamyny, beýni we nerw ulgamyny goldamaga, insuliniň derejesini we öýken, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Bu resminama ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirmek maksady bilen gol çekildi.

2022