Gyrgyzystan 781 million kilowat sagat türkmen elektrik energiýasyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan 781 million kilowat sagat türkmen elektrik energiýasyny import etdi
Türkmenistanyň oktýabr aýynda Gyrgyzystana elektrik energiýa eksporty 111,57 million kilowat sagatdan geçdi.

Gyrgyzystan Türkmenistandan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda takmynan 781 million kilowat sagat elektrik energiýasyny import etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Energiýa hasaplaşyk merkezi anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň oktýabr aýynda Gyrgyzystana elektrik energiýa eksporty 111,57 million kilowat sagatdan geçdi.

Bu döwürde Gyrgyzystan jemi 2 milliard 600 million kilowat sagat elektrik energiýasyny import etdi.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gyrgyzystan Özbegistandan 1,2 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny, Gazagystandan bolsa 580 million kilowat sagat elektrik energiýasyny import etdi.

Türkmenistan Gyrgyzystana 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri elektrik energiýasyny eksport edýär. Gyrgyzystana 2023-nji ýylda Özbegistanyň üsti bilen 2 milliard kilowat sagat türkmen elektrik energiýasynyň ugradylmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022