Gyrgyzystan Türkmenistandan 2 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny import eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan Türkmenistandan 2 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny import eder
Gyrgyzystan türkmen elektrik energiýasyny Özbegistanyň üsti bilen import eder.

Gyrgyzystan Türkmenistandan 2023-nji ýylda 2 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny import eder.

Gyrgyzystanyň wekiliýeti 12-14-nji oktýabr aralygynda elektrik üpjünçiligi boýunça şertnama gol çekmek maksady bilen Türkmenistana sapar amala aşyrar. Bu barada Gyrgyzystanyň Energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Talaýbek Ibraýewiň Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň mejlisinde aýdanlaryna salgylanyp, gyrgyz “Tazabek” internet neşiri penşenbe güni habar berdi.

“Mundan başga-da, biz indiki ýyl Gazagystandan 600 million kilowat sagat elektrik energiýasyny import ederis” diýip, Talaýbek Ibraýew aýtdy.

Gyrgyzystan türkmen elektrik energiýasyny Özbegistanyň üsti bilen import eder. Özbegistan bilen 2 milliard kilowat sagat türkmen elektrik energiýasynyň üstaşyr geçirilmegi barada şertnama taýýarlandy diýip, Talaýbek Ibraýew belledi.

Türkmenistan Gyrgyzystana 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri elektrik energiýasyny eksport edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022