2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 11 milliard 520 million 717 müň 233 manada barabar boldy.
Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, degişli döwürde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 10 milliard 790 million 957 müň 396 manada deň boldy.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 476 million 97 müň 542 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 11 million 422 müň 839 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 220 million 337 müň 773 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 420 müň 933 manada deň boldy.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 20 million 480 müň 750 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ozal habar berşi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 10 milliard 305 million 967 müň 364 manada barabar boldy.