Ýanwar-oktýabr: Türkmen-gruzin söwda dolanyşygy $168 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: Türkmen-gruzin söwda dolanyşygy $168 milliona deň boldy
Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 152 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 168 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwüri bilen deňeşdireniňde 3 göterim peseldi. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Geçen ýylyň degişli döwründe iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 173 million 300 müň ABŞ dollaryna deň bolupdy.

Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 152 million 400 müň ABŞ dollaryna ýetip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,1 göterim peseldi.

Şeýle hem, şu ýylyň geçen on aýynda 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Türkmenistanyň Gruziýadan importy 71,4 göterim ýokarlanyp, 15 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan 2021-nji ýylda nebit önümleri bilen Gruziýany esasy üpjün ediji ýurt boldy.

2022