Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Igor Bukato “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Aşgabatda Russiýanyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň başynda Igor Bukato Türkmenistanyň Prezidentine wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Döwlet Baştutanymyzy Bitaraplygyň 27 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň giň möçberli düzümleýin taslamalary ýerine ýetirmäge bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde oňyn tejribe toplanandygyny we soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu kompaniýanyň ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan ýol-ulag düzüminiň birnäçe iri desgalarynyň potratçysy bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täzeçil ösüş ýoluna düşmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ornaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Igor Bukato “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda Aşgabat şäher häkimligine paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça Russiýanyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

2022