Ýanwar-noýabr: SNGIZ önümçilik görkezijilerini mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr: SNGIZ önümçilik görkezijilerini mälim etdi
Özbegistanyň kompaniýalary şu ýylyň başyndan bäri 20 müň tonna benzin we uly möçberde ýol bitumyny satyn aldylar.

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 208 müň tonnadan gowrak benzin, 104 müň tonna golaý dizel ýangyjy, 34 müň tonna golaý agyr wakuum gazoýly, şeýle hem 28 müň tonnadan gowrak ýol bitumy öndürildi.

Özbegistanyň kompaniýalary ýakynda bu ýerde öndürilýän önümleri satyn alyp başladylar. Bu döwletiň kompaniýalary şu ýylyň başyndan bäri 20 müň tonna benzin we uly möçberde ýol bitumyny satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän SNGIZ ýurduň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir.

Geçen hepde Seýdi şäherinde kärhananyň işgärleriniň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan dört gatly döwrebap täze ýaşaýyş jaýy açylyp ulanylmaga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022