Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň söwda we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary bilen çarşenbe güni geçiren aýry-aýry duşuşyklarynda iki ýurduyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi boýunça pikir alyşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyklar 21-24-nji dekabr aralygynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine eden saparynyň çäginde geçirildi.
Saparyň çäklerinde ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş hyzmatyny berýän Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garap geçdiler we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň Türkmenistandaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin dürli maliýe guramalaryny goşmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga we giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem Ýaponiýa amala aşyrylan saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýolbaşçysy (JBIC) Nobumitsu Haýaşi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryna hem-de ýapon kompaniýalarynyň Mary şäheriniň ammiak we karbamid öndürýän zawody, Garabogaz şäherinde kükürt kislotasyny öndürýän kärhanasy, Gyýanlyda gazhimiýa toplumlarynyň binasy, Owadandepe tebigy gazdan benzin öndürýän zawody ýaly Türkmenistandaky iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandyklaryna aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän gaz himiýasy, ulag we oba hojalygy pudaklaryndaky ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alşyldy.
Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen we Türkmen-Ýapon komitetleriniň 14-nji bilelikdäki mejlisine, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň 9-njy mejlisine gatnaşar, mundan başga-da wekiliýet Hökümetde, Parlamentde, degişli ministrliklerde we edaralarda duşuşyklary geçirer.