Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp häzirki wagtda erkin ykdysady zolaklaryň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny we okgunly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu taslama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp häzirki wagtda erkin ykdysady zolaklaryň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny we okgunly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýändigini aýtdy.

Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin maglumatlary we tehnologiýalary alyşmak, ykdysady taýdan ýakynlaşmak işlerini çuňlaşdyrmak, halkara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi we bu ugur boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

2022