Türkmenistan we Hytaý “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça işleri tizleşdirerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hytaý “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça işleri tizleşdirerler
Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa iki günlük döwlet saparynyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň ahyrynda gol çekildi. (Surat: "Xinhua")

Türkmenistan we Hytaý Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegi tizleşdirerler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň Başlygy Si Sizinpiniň anna güni Pekinde gol çeken Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.

Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa iki günlük döwlet saparynyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň ahyrynda gol çekildi.

Beýannama laýyklykda, taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belläp, bu pudakda önümçilik, turbageçirijiler boýunça gaz akdyrmak, söwda, maliýeleşdirmek we tehniki üpjünçilik ýaly ugurlarda toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ülňüsiniň döredilendigini nygtadylar.

“Türkmenistan we Hytaý energetika babatda hakyky strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Özara düşünişmek, akýüreklilik, açyklyk we özara bähbitli ýörelgelere eýerip, Taraplar mundan beýläk-de hereket edýän şertnamalary doly ýerine ýetirerler, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ilerlederler, “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryny, “Türkmenistan–Hytaý” gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar we gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler” diýlip, bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk geçen ýylyň fewral aýynda gazanyldy. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022