Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde görkezildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde görkezildi
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini bellediler.

Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki Baş konsuly Nury Gölliýew we Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow sişenbe güni geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljeginiň "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniň işiniň güýçlendirilmegi, Astrahan oblastynyň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli gämi gatnawynyň ýola goýulmagy, Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi bilen baglydygyny belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini we geçen 2022-nji ýylyň bolsa Astrahan oblasti bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýan ýyl bolandygyny bellediler. Bu barada Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem taraplar geçen ýyl Astrahan oblasti bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriniň dürli derejelerde ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtadylar.

Wladimir Golowkow Astrahan oblastynyň wekiliýetiniň indiki hepde Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşjakdygyny we onuň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň hem-de beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki Baş konsuly öz gezeginde bu möhüm halkara çäresine taýýarlyk görmek boýunça zerur bolan hemaýaty bermäge taýýardygyny belledi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň çäginde geljek hepde geçiriljek işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda Astrahanda Russiýanyň Ulag ministrliginiň we ýurduň gämi gatnaw kompaniýalarynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň arasynda iş duşuşygy geçiriler.

2022