“Guwlyduz” kärhanasynda 96,4 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Guwlyduz” kärhanasynda 96,4 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy
“Guwlyduz” kärhanasy tarapyndan umumy gaplanan nahar duzunyň möçberi 31 müň 432 tonna golaýlady.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabyndaky “Guwlyduz” kärhanasynda 2022-nji ýylda gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 96 müň 480 tonnadan geçdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, bellenilen meýilnama 103,7 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe bu kärhana däneli duzuň 85 müň 760 tonnasyny öndürdi. Bu bolsa göz öňüne tutulan meýilnamadan 4 müň 760 tonna köpdür diýip, habarda bellenilýär.

“Guwlyduz” kärhanasy tarapyndan umumy gaplanan nahar duzunyň möçberi 31 müň 432 tonna golaýlady. Şeýlelikde, kärhana meýilnamada göz öňünde tutulandan 11 müň 430 tonnadan gowrak nahar duzuny öndürdi.

Ylmy maglumatlara görä, uzynlygy 60 kilometre, günorta tarapynyň giňligi bäş kilometre, demirgazyk tarapynyň giňligi üç kilometre çenli uzalyp gidýän tebigy kölde duz alynýan gatlagyň galyňlygy üç metre çenli ýetýär.

2022