Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Marydaky “Galkynyş” gaz känine bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Marydaky “Galkynyş” gaz känine bardy
Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäginde “Galkynyş” gaz känine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni iş sapary bilen Mary welaýatyna bardy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäginde “Galkynyş” gaz känine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, şeýle hem gaýtadan işlenilýän senagatyň düzümlerine häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylyşy bilen içgin gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyza “Galkynyş” gaz käninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerdäki önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklary, käniň gurluşygny tapgyrlaýyn esasda dowam etmek, täze guýulary özleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine möhüm orun berilýändigini aýdyp, onuň açylmagy Türkmenistanyň dünýädäki energetika döwlet hökmündäki derejesini berkidenligini we daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny belledi.

Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, täze ýataklary, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleriniň wajyplygyna ünsi çekip, Döwlet Baştutanymyz işleriň üstünlikli dowam etdirilmelidigini nygtady.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň köp ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan hemme taraplaýyn özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň möhüm tarapdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmak bilen bir hatarda içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käninde mawy ýangyjy çykarmak , ýygnamak, gaýtadan işlemek hem-de ibermek bilen baglanşykly ekologiki işleriň ählisi doly awtomatlaşdyryldy. Ýörite enjam desgalaryň ygtybarly işlemegini, hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022