Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby at baradaky nyşan gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby at baradaky nyşan gowşuryldy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby ady dakyldy.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeler boýunça anna güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby at baradaky nyşan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hökmünde goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy meni eziz Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde, ýurdumyzda asudalygy we parahatçylygy üpjün etmekde, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen zähmet çekmäge borçly edýär” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mejlisiniň karary esasynda, goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň hem-de işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde ýurtda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022