Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu-Dhabi bank) arasynda ýekşenbe güni korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi ýekşenbe güni habar berdi.
Resminama Abu-Dabiniň Birinji bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Muhammad Saif Al Suwaýdi bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow tarapyndan gol çekildi.
Ylalaşyga gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-12-nji fewral aralygynda Abu-Dabi şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.
Şeýle hem duşuşyklaryň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE eden resmi saparynyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.