BAE-niň kompaniýalary “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine gatnaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
BAE-niň kompaniýalary “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine gatnaşarlar
Taraplar “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-12-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) amala aşyran resmi saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda kabul edilen Bilelikdäki Jarnama laýyklykda, taraplar BAE-niň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary boýunça ylalaşdylar.

Iki ýurduň arasynda kabul edilen Bilelikdäki Jarnama ýekşenbe güni Türkmenistanyň we BAE-niň resmi metbugatlarynda çap edildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar saparyň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldadylar.

Taraplar Türkmenistanda geljegi uly energetika taslamalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, uglewodorod serişdelerini bilelikde işlemek we taýýar önümleriň marketingini amala aşyrmak, şeýle hem gaz-ulag düzümlerini ösdürmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ADNOC kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň wajyplygyny bellediler.

Taraplar energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler we nebitgaz ulgamynda, şol sanda maýa goýum işinde bilelikdäki işleri hem-de taslamalary goldadylar. Şeýle hem taraplar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, bu ugurda dürli başlangyçlary we taslamalary goldamagy ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy esasynda Abu-Dabi şäherine resmi sapar amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, şeýle hem BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.

2022