Türkmenistandan Türkiýä üçünji ynsanperwerlik kömegi iberiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistandan Türkiýä üçünji ynsanperwerlik kömegi iberiler
Тürk ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýertitreme zerarly Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň zerurdygyna düşünýändigini nygtady.

Türkmenistan Türkiýedäki “asyryň betbagtçylygy” diýlip atlandyrylýan ýertitremede ejir çekenlere üçünji ynsanperwer kömegini ibermäge taýýarlyk görýär diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Aşgabatda ýerleşýän türk wiza merkezinde Türkiýede bolup geçen ýer titremede ejir çekenlere kömek bermek üçin gurnalan haýyr-sahawat çäresinde eden çykyşynda aýtdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi 6-njy fewralda Türkiýede uly ýertitreme bolandygyny belläp, türkmen halkynyň Türkiýe halky bilen raýdaşlygyny duýýandygyny aýtdy. Ilçi Togan Oral Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly türk halkyna iberen gynanç hatlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilçi Togan Oral Türkmenistanyň Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenlere kömek bermek üçin ilkinji çäreleri gören ýurtlaryň biridigini aýdyp, 7-nji fewralda 10 sany lukmanyň derman serişdeleri we zerur bolan önümler bilen Türkiýä ugradylandygyny nygtady. Şeýle hem türk ilçisi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýolbaşçylygynda ýertitremede ejir çekenlere ýardam bermek isleýän jemgyýetçilik guramalaryndan, kompaniýalardan we raýatlardan ynsanperwerlik kömegi ýygnalandygyny we ikinji uçar bilen Türkiýä ugradylandygny aýtdy we häzirki wagtda üçünji uçaryň Türkiýä ugradylmaga taýýarlanylýandygyny mälim etdi.

Mundan başga-da türk ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýertitreme zerarly Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň zerurdygyna düşünýändigini nygtady we bu zerurlyklaryň günsaýyn üýtgeýändigini aýtdy.

Şeýle hem Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral häzirki wagtda çadyrlar we ýyly eşikler bilen üpjün etmek iň wajyp zerurlykdygyny belläp, ýorgan-düşek zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýorgan ýygnamak kompaniýasyna başlandyklaryny aýtdy. “Biz eýýäm türkmen doganlarymyzdan Türkiýä üç müň sany ýorgan iberdik, düýn bolsa ýene müňüsini ugratdyk. Häzirki wagtda biz türk wiza merkezimizde kömek we goldaw alýarys. Ilçihananyň indiki bildirişine çenli raýatlar gelip, zerur kömegi hödürläp bilerler” diýip, ilçi Togan Oral öz çykyşynda mälim etdi.

Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýertitremäniň 7,8 bala deň bolandygyny belledi. Şeýle hem duşenbe gününiň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi. AFAD-yň habar bermegine görä, ýertitremelerden soň 3170 sany kiçi sarsgyn emele geldi. Sişenbe güni Türkiýe wagty bilen sagat 13:30 ýagdaýyna görä, wepat bolanlaryň sany 31 müň 974-e ýetdi.

 

2022