Türkmen kompaniýalary “Gulfood 2023” halkara sergisine gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary “Gulfood 2023” halkara sergisine gatnaşdylar
“Gulfood 2023” sergisiniň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen işewürleriň arasynda 10 milliard ABŞ dollary möçberinde ylalaşyk baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 20-24-nji fewralda geçirilen azyk önümlere hem-de içgilere ýöriteleşen 28-nji “Gulfood 2023” halkara sergisine Türkmenistanyň “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti, “Balam’ konditer önümleri kärhanasy, “Hasar” hojalyk jemgyýeti, “Kämil market” dükanlar toplumy, şeýle hem “Döwletli döwran” hususy kärhanasy gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Ýüpekçi” kompaniýasy özüniň ýokary hilli “Bold” witamin içgilerini, “Bulvar’ mineral suwlaryny, “Hoşal” we “Pökgi” atly miwe suwlaryny, “Buzz” sowuk çaýlaryny, “7gen” gazlandyrylan içgilerini, “Balam” kärhanasy bolsa konditer önümlerini tanyşdyrdylar.

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýetiniň “Bold” witamin içgisine Afrika ýurtlaryndan, arap döwletlerinden, Hindistandan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, Azerbaýjandan, Gruziýadan gelen işewürler uly gyzyklanma bildirdiler. “Ýüpekçi” kärhanasynyň ýokary hilli içgisini import etmek boýunça bu ýurtlardan gelen işewürler türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdiler.

“Gulfood 2023” sergisiniň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen işewürleriň arasynda 10 milliard ABŞ dollary möçberinde ylalaşyk baglaşyldy.

Dubaýda geçirilen azyk önümlere hem-de içgilere ýöriteleşen 28-nji “Gulfood 2023” halkara sergä dünýäniň 125 ýurdundan 5000-den gowrak kompaniýa gatnaşdy.

2022