Hindi kompaniýasy Türkmenbaşy portunyň üsti bilen ýük gatnawyny amala aşyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hindi kompaniýasy Türkmenbaşy portunyň üsti bilen ýük gatnawyny amala aşyrmakçy
Duşuşygyň dowamynda “Anipra Impex LTD” kompaniýasynyň wekili Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Hindistanyň “Anipra Impex LTD” kompaniýasynyň wekili şu ýylyň fewral aýynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda Hindistanyň Russiýadan we Özbegistandan dürli önümleri eksport edýänligini belläp, geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýük gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda “Anipra Impex LTD” kompaniýasynyň wekili Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, alyp barýan işleri, desgalary, terminallary, ulag-üstaşyr mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, deňiz portunyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kompaniýanyň wekili häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeginde we sebitde ýük amala aşyrýan taslamalary barada gürrüň berip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem üstaşyr ýük taslamalaryny durmuşa geçirmäge isleginiň bardygyny mälim etdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Hazar deňzinde Demirgazyk-Günorta ugry boýunça Hindistana, Günbatar ýurtlardan Özbegistana üstaşyr geçirip boljak ýükler baradaky maglumatlar berildi.

Mundan başga-da, “Anipra Impex LTD” kompaniýasynyň wekili Türkmenbaşy Halkara deňiz porty üçin ýük taslamalary boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligiň barlygyny belläp, eger-de taraplaryň arasynda bu babatda degişli ylalaşyk gazanyldan halatynda, geljekde goşmaça üstaşyr ýükleri porta çekmek boýunça işleri ýerine ýetirip biljekdigini mälim etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar deňiz ulag pudagynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda deňiz ulaglarynda hyzmatdaşlygy, ulag-üstaşyr logistika babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we mundan beýläk hem ösdürmek boýunça tagallalaryň ediljekdigini aýtdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022