Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6 esse ýokarlanyp, 105,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýynda 29,1 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada "Trend" agentligi Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, şenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 89,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,9 esse ýokarydyr (22,6 million ABŞ dollary).
Türkmenistanyň Azerbaýjandan importy bolsa şu ýylyň iki aýynda 15 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse artdy (6,5 million ABŞ dollary).
Bu döwürde Azerbaýjanyň importynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistanyň paýy geçen ýylyň ilkinji iki aýy bilen deňeşdirilende iki esse artdy.
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşyk 2022-nji ýylda 535,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.