Arkadag şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

Arkadag şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem­de hususy telekeçileriň, şeýle hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň dykgatyna Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem­de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilelikde Arkadag şäher Maliýe we bank toplumynyň edara binasynda 2024­-nji ýylyň 11­-nji aprelinde sagat 09:00-­dan 12:00-­a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi kärhanalary, guramalary, edaralary hem­de hususy telekeçileri özlerindäki bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde geçiriljek çärä degişli wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Iş gözleýän raýatlar bolsa öz ýanlary bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, eger bar bolsa, hünärini tassyklaýan resminamasyny hem­de zähmet depderçesini geçiriljek çärä alyp gelmeklerini haýyş edýär.

Habarlaşmak üçin salgysy­we telefon belgileri:

  1. Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Arkadag şaýolunyň­26-njy jaýy. Telefon ­belgisi: 57-23-11
  2. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti, Arkadag şaýolunyň 32-nji jaýy. Telefon ­belgisi: 57-18-76

Bulary hem okaň
2022