“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň uniwersitetine uçarman käri boýunça kabul edilşigiň başlanandygyny habar berýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edilşigi yglan edýär. Okuwlar awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar (ylalalaşyk esasynda).

Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 23-47-88

Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman käri boýunça okuwa tabşyrmaga isleg bildirýän dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan saglyk ýagdaýy “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
  • Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.
  • “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan 15 gününiň dowamynda geçmeli;

Okuwa tabşyrmak üçin gerekli resminmalaryň sanawy:

  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • şahsy pasporty (göçürme nusgasy);
  • harby şahadatnamasy (göçürme nusgasy);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • “Türkmenhowaýollary” agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşanlar, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň nusgasyny tabşyrýarlar.
  • Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Resminalar Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 01.05.2024-31.05.2024 aralygynda kabul edilýär.

Giriş synaglary iňlis dili (gürlemek, ýazmak, okamak), matematika we fizika derslerinden geçirilýär.

Giriş synaglary 01.06.2024-30.06.2024 seneler aralygynda Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Awtor:
“Türkmenistan” awiakompaniýasy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022