TSTB-niň Telekeçiler mekdebi Telekeçilikde gümrük işleriniň esaslary boýunça täze hünär okuwyny gurnaýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” Aşgabat şäherinde 12 sagatlyk täze “Telekeçilikde gümrük işleriniň esaslary” hünär okuwyny (seminaryny) guraýar.

Bu hünär okuwynyň (seminaryň) diňleýjileri Türkmenistanda telekeçilikde gümrük işlerine degişli kada kanun üpjünçiligini, Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary, gümrük işlerindäki täzelikleri, daşary söwdany ösdürmekde ykdysady gümrük düzgünlerini, gümrük töleglerini öwrenmek boýunça bilim alarlar.

Hünär okuwy (seminar) Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkeziniň ýokary hünärli, tejribeli mugallymlary tarapyndan alnyp barlar.

Hünär okuwyny üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama berler.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 22-88-38

Awtor:
TSTB
Bulary hem okaň
2022