Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Magtymguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýärler.

Magtymguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Magtymguly şäheriniň Durdyhan Ýanyk köçesiniň 7-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993248) 4-04-20, 4-12-04.

Bulary hem okaň
2022