Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Kaka etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäre Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär.

Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige hem-de işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys.

Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

(800133) 31-7-38

Bulary hem okaň
2022