Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirer

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Magtymguly etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda, sagat 09:00-dan 11:00-a çenli, ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändiklerini habar berýärler.

Çärä gatnaşmak üçin:

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary barada maglumatlaryny ähli zerur ýeňillikler bilen taýýarlap, wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmegi, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýeti tassyklaýan resminamasy, bar bolsa zähmet depderçesi we hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gatnaşmagy haýyş edilýär.

Çäräniň geçiriljek ýeri: Magtymguly etrabynyň, Durdyhan Ýanyk köçesiniň 7-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 222) 6‑08‑67

(+993 222) 6‑36‑52

(+993 248) 4‑04‑20

(+993 248) 4‑12‑04

Bulary hem okaň
2022