03.10.2019
02.11.2019

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk harytlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça görkezilen harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär.

Lot № 1 - Daşoguz şäherindäki täze Saglyk merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 2 - Mary welaýatynyň Baýramaly şäher saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 3 - Mary welaýatyndaky Iç keselleri hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot № 4 - Balkan welaýatynyň köpugurly hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 5 - Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň