Serdar Berdimuhamedow “Petronasyň” ýolbaşçylary bilen energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

BT
Serdar Berdimuhamedow “Petronasyň” ýolbaşçylary bilen energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň “Petronas Carigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry, Malaýziýa (Surat: Bernama)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde “Petronas Carigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi, hem-de ählumumy ykdysady ýagdaýlaryň üýtgeýän häzirki döwründe hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Türkmenistanyň okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, ýurduň energetika kuwwatlyklaryny netijeli ulanmakda “Petronas” kompaniýasynyň uly goşant goşandygy bellenildi. “Petronas” kompaniýasy indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini gazyp almak boýunça taslamalara gatnaşyp gelýär hem-de bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda işjeň iş alyp barýar. 

Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi üçin möhüm ugur hökmünde görkezildi, şeýle hem Türkmenistanda alnyp barylýan özgertmeleri we ykdysady ösüşi göz öňünde tutup, özara gatnaşyklaryň täze ugurlary maslahatlaşyldy. 

“Petronasyň” ýolbaşçylary kompaniýanyň Türkmenistanda iş alyp barmagy üçin döredilen amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler. 

Soňra Serdar Berdimuhamedow belent “Petronas” binalaryny birleşdirýän “Skybridge” atly syn ediş köprüsine baryp gördi. 451,9 metr bolan bu binalar dünýädäki iň bir belent desgalaryň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, gurluşyk pudagynyň innowasion çemeleşmeleriniň nyşanydyr. Olary birleşdirýän 58,4 metrlik we agramy 750 tonna bolan köpri dünýäniň iň beýik iki gatly köprüsidir. 

Saparyň dowamynda binagärlikde we şähergurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmagyň Türkmenistanda başy başlanan iri maksatnamalaryň, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmegiň möhüm ugrudyr.  

Kuala-Lumpura saparynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti mähirli sözler we ýokary derejedäki özara saparlara bagyşlanyp çap edilen we sowgat berlen neşir üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabat şäherine tarap ýola düşdi. 

Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar we saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutladylar. Saparyň netijeleri Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uzakmöhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde tagalla edýändiklerini tassyklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022