Türkmenistan bilen Malaýziýa diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talaplary kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Resminama gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurtlar başga-da birnäçe ylalaşyklara, şol sanda syýahatçylyk, bilim we diplomatlary taýýarlamak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň telekeçileri üçin täze mümkinçilikleri açjak Türkmen-malaýziýa Işewürlik geňeşiniň döredilmegine badalga berildi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň saparynyň dowamynda ykdysadyýeti, medeni alyş-çalşy we bilimi ösdürmek netijeli gepleşikleriň esasy mowzugy boldy. Taraplar energetika pudagynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, Türkmenistanda iş alyp barýan Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň üstünlikli tejribesini nygtadylar. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm binýat bolup durýan we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçilikleri açýan nebitgaz pudagyna aýratyn üns berildi.
Taraplar BMG-niň we ASEAN-yň çäklerindäki gatnaşyklary maslahatlaşyp, Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek boýunça tagallalaryň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Premýer-ministr Anwar Ibragimi Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde “Petronas Carigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.