01.10.2019
11.11.2019

“Türkmengaz” giriş demir ýolunyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny düzmek boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça kesgitleýän toparyň adyndan giriş demir ýolunyň anyk tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny düzmek boýunça HALKARA TENDERINI yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK edara binasyna ýüz tutup bilerler:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) ýazmaça görnüşde arza (kompaniýa, onuň alyp barýan işiniň esasy ugry we iş tejribesi, maliýe mümkinçilikleri we ätiýaçlyk ygtyýarlygy, guramanyň düzümi, umumy kwalifikasiýa we wajyp işgärleriň düzümi barada doly bukja maglumat), şeýle hem olaryň hyzmaty doly ýerine ýetirmek üçin tejribesiniň bardygyny görkezýän maglumat (broşýuralar, meňzeş tabşyryklaryň beýany, meňzeş şertlerde iş tejribesi, işgärleriň talabalaýyk ukybynyň barlygy we ş.m.) tabşyrmaly. Şu ugurlarda ýa-da wezipelerde tabşyryk üçin iň pes talap bolmaly: meňzeş hyzmatlar bermek tejribesi, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde (gözegçilik usullary, tehniki we dolandyryş mümkinçilikleri, meňzeş tabşyryklaryň anyk beýany, meňzeş şertlerde iş tejribesi, broşýuralar) bolmaly. Kwalifikasiýasy barada degişli resminamalary tabşyrmaly (güwanama, şahadatnama we ş.m.).
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i hasaba almak bilen) töleg tölemek üçin hasap almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Gyzyklanma bildirýän konsultantlar goşmaça maglumatlary görkezilen salgydan hepdäniň iş günleri ýerli wagt bilen 9.00- 17.00 aralygynda alyp bilerler.

Goşmaça maglumat: Türkmenistanyň hökümeti Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt gaznasyndan giriş demir ýolunyň anyk tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny düzmek üçin muzdsuz pul serişdelerini kabul etdi.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-75, faks (+99312) 40-32-59.

Elektron salgy: turkmengaz@online.tm; wes@turkmengaz.tm;

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň