19.10.2019
18.11.2019

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi medisina harytlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot № 1 - Halkara standartlaryna laýyk gelýän gerekli derman serişdelerini satyn almak.

Lot № 2 - Halkara standartlaryna laýyk gelýän medisina harytlaryny we enjamlaryny satyn almak.

Lot № 3 - Halkara standartlaryna laýyk gelýän çig mal, gaplama materiýallaryny we kömekçi serişdelerini satyn almak.

Lot № 4 - Halkara standartlaryna laýyk gelýän sanjym, immunnobiologiýa we dezinfirleme serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
2022