15.01.2020
29.02.2020

Ahal welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Ahal welaýat häkimligi welaýatyň etraplarynda we Tejen şäherinde 2020-nji ýylda durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary (hassahanalar, saglyk öýleri, çagalar bagy, umumybilim berýän mekdepler) suw, lagym we elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny (köçeleri) täze gurmak, şeýle hem hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadanlaşdyrmak) we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bar bolan hem-de Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.

Teklipler 2020-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap, fewral aýynyň dowamynda kabul edilýär.

Ähli isleg bildiren ýuridik taraplar sargytnamalaryny we tekliplerini görkezilen salga ýollamaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 137) 33-4-17, 33-5-40, faks: (+993 12) 57-43-27.

Türkmenistan, Ahal welaýaty, Änew şäheri, Ahal köçesi 4
Bulary hem okaň
2022