Malaýziýanyň milli nebit-gaz kompaniýasy PETRONAS Türkmenistanyň geljegi uly gaz taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim şenbe güni Johor ştatynda geçirilen "Pakatan Harapan" koalisiýasynyň çäresinde aýtdy diýip, "Bloomberg" halkara habarlar agentligi habar berdi.
Anwar Ibrahimiň aýtmagyna görä, iýun aýynyň ortalarynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Malaýziýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär. Premýer-ministriň özi hem gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Anwar Ibrahim Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň PETRONAS kompaniýasy üçin dünýäniň iň iri gaz öndüriji sebitleriniň birinde täze mümkinçilikleri açyp biljekdigini aýtdy. Ol bu hyzmatdaşlygyň Malaýziýanyň energetika howpsuzlygyny berkitmäge we dünýä energetika bazarynda ýurduň ornuny güýçlendirmäge ýardam etjekdigini belledi.
Tebigy gazyň dünýäde iň uly gorlarynyň bir bölegine eýe bolan Türkmenistan energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär hem-de iri gaz taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt kompaniýalary özüne çekýär.

















