06.05.2024
08.06.2024
“Türkmengeologiýa” DK buraw enjamlaryny satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär
TDHÇMB
08.04.2020
15.04.2020
Daşoguz welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär
Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň Jemşit obasynyň howa elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
- edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 15-nji apreline, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks 9-30-85.
Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.
Bulary hem okaň